Instagram ulgamy ulanyjylaryna özlerini başga adamlaryň «Ýakyn dostlar» sanawyndan aýyrmaga mümkinçilik berýän täze funksiýany taýýarlaýar. Bu barada TechCrunch neşiri Meta kompaniýasynyň maglumatyna salgylanyp habar berýär. Kompaniýanyň wekiliniň aýtmagyna görä, bu funksiýa häzirki wagtda işlenip taýýarlanylmagyň ilkibaşky tapgyryndadyr. 2018-nji ýylda ulgama ornaşdyrylan «Ýakyn dostlar» funksiýasy ulanyjylara öz storislerini, gysga wideolaryny we ýazgylaryny ähli abunaçylar bilen däl-de, diňe saýlanan adamlar topary bilen paýlaşmaga mümkinçilik berýär. Täze funksiýa baradaky maglumaty programmalaryň entek işlenmedik taraplaryny tapmakda hünärmen bolan rewers-inžener Alessandro Palussi anyklady. Palussiniň çap eden ekran şekiline görä, Meta, eger ulanyjy kimdir biriniň «Ýakyn dostlar» sanawyndan çyksa, tä aňyrky tarap ony yzyna goşýança, onuň paýlaşýan hiç bir zadyny-da görüp bilmejekdigi hakda duýduryş berýär. Bu mümkinçilik belli bir adamlaryň sanawynda bolmak islemeýän ulanyjylar üçin ýakymly täzelik bolar. Şeýle-de, muňa meňzeş funksiýanyň Instagram-yň esasy bäsdeşleriniň biri bolan Snapchat-da eýýäm bardygyny bellemek gerek. «Ýakyn dostlar» funksiýasynyň täzelenmelerinden başga-da, Instagram ýene birnäçe täze mümkinçilikleriň üstünde işleýär. Şoňa görä, Meta şu hepdede Instagram, Facebook we WhatsApp ulgamlarynda ulanyjylara aýratyn funksiýalara elýeterlilik döredýän täze abunalyk görnüşlerini synagdan geçirmegi meýilleşdirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir