Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan 30-njy ýanwarda Ýerewan şäherinde ilkinji gezek özüniň «Warçabend» atly saz topary bilen çykyş etdi. Ol bu konsertden pursatlary öz resmi telegram kanalynda paýlaşdy. Konsert wagtynda Ermenistanyň hökümet baştutany deprek çaldy. Saz toparynyň düzüminde premýer-ministrden başga-da gitaraçy, saksofonçy, pianinoçy we iki sany aýdymçy zenan bar. Toparyň «Warçabend» diýen ady ermeni dilindäki «warçapet» (premýer-ministr) sözüniň birinji bogunlaryndan we iňlis dilindäki «band» (topar) sözünden emele gelendir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir