Gresiýadaky kölleriň biriniň kenarynda dünýäde iň gadymy agaç zähmet gurallary diýlip ykrar edilen iki sany artefakt tapyldy. Tapyndylaryň ýaşy, takmynan, 430 müň ýyla deň diýlip çak edilýär diýip, Associated Press habar berýär. Uzynlygy 80 sm töweregi bolan birinji tapyndynyň ýer gazmak üçin taýak bolup hyzmat eden bolmagy mümkin. Söwütden ýa-da derekden ýasalan ikinji tapyndy bolsa, daşdan gurallary ýasamakda ulanylan bolup biler. Agajyň şu güne çenli saklanmagyna ýokary çyglylyk şertlerinde çökündileriň aşagynda çalt basyrylyp galmagy sebäp bolupdyr. Şol ýerde adam galyndylarynyň tapylmandygy sebäpli, bu gurallary döreden gomininleriň anyk haýsy görnüşe degişlidigi anyklanmady. Smitson milli tebigy taryh muzeýiniň arheology Jarod Hatson tapyndylaryň daşky görnüşine teswir berdi. «Bu tapyndylara haýran galmak biraz kyn, sebäbi olar agaç guraly hökmünde bada-bat täsir galdyrmaýar. Biz olaryň anyk näme üçin ulanylandygyny bilemzok» – diýip, ol belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir