Spotify striming hyzmaty ulanyjylar üçin toparlaýyn çat funksiýasyny goşdy. Täze gural habar alyşmak, audiokitaplar, podkastlar we pleýlistler bilen paýlaşmak üçin on adamy bir topara birleşdirmäge mümkinçilik berýär diýip, The Verge neşiri ýazýar. Berlen maglumatlara görä, topary «Habarlar» (Messages) bölüminde ekranyň ýokary bölegindäki degişli ýazgyny saýlap döredip bolýar. Bu mümkinçilikden hem mugt akkauntlaryň eýeleri, hem-de premium ulanyjylar peýdalanyp biler. Söhbetdeşligi diňe ozal «Jam», «Blend» funksiýalary arkaly ýa-da umumy pleýlistleri döretmek arkaly gatnaşykda bolan ulanyjylaryňyz bilen başlap bolýar. Mundan ozal platforma 16 ýaşdan uly bolan ulanyjylar üçin şahsy habar mümkinçiligini hödürläpdi. Bu funksiýa hat ýazyşmak üçin iberilýän islegleri dolandyrmaga, söhbetdeşleri blokirlemäge we şikaýat etmäge mümkinçilik berýär. Eger ulanyjylar islese, programmada sazlamalar bölümine girip, gelýän habarlary kabul etmegi doly ýapyp hem biler.