Aktrisa Odri Hepbýorne degişli bolan 1960-njy ýyllaryň Bulgari gülýakasy Pariždäki Sotheby’s auksionynda 355 600 ýewro satyldy diýip, söwda öýüniň saýty habar berýär. Harydyň ahyrky bahasy deslapky 60 müň ýewro bahadan bäş esse dagy ýokary boldy. Sotheby’s öýüniň maglumatlaryna görä, bu şaý-sep aktyor Ýul Brinneriň ýanýoldaşy we Dior Maison-yň ýolbaşçysy Doris Brinneriň kolleksiýasyna degişli bolupdyr. Tawus guşuna çalymdaş görnüşde ýasalan bu zergärlik önümi kaboşon usulynda taraşlanan zümerretlerden we ýakut daşlaryndan ybarat bolup, brilliantlar bilen bezelipdir. Kompozisiýanyň merkezi böleginde bolsa damja görnüşli zümerret asylgy dur. Hepbýorn bu aksessuary özüniň ýakyn jorasy, 2025-nji ýylyň fewralynda aradan çykan Doris Brinnere sowgat beripdir. Söwda From Doris With Love auksionynyň çäklerinde geçirildi. Guramaçylar esasy harytdan başga-da, 95 250 ýewro Jean Schlumberger ýyldyz-gülýakasyny we 50 800 ýewro aktrisa Elizabet Teýlor bilen baglanyşykly bolan bant şekilli Paul Gillot şaý-sepini satdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir