25-31-nji ýanwar aralygynda Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri Angliýanyň Kembrij şäherine okuw saparyny amala aşyryp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçy işgärleri üçin niýetlenen hünär kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşdy. Bu barada Bilim ministrliginiň resmi saýty habar berdi. Wekiliýetiň düzümine Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň wekilleri girdi. Okuw maksatnamasy okuw sapaklaryny, seminarlary we tejribe alyşmak çärelerini öz içine aldy. Gatnaşyjylar PRESETT ulgamynda ýolbaşçylyk we strategik meýilnamalaşdyrma boýunça häzirkizaman çemeleşmeleri, mugallymlaryň hünär ösüşi boýunça dolandyryş tejribelerini, şeýle hem dowamly okuw modelini (CPD) öwrendi. Iňlis dilini okatmak, kommunikatiw we şahsyýete gönükdirilen usullary ulanmak, sanly okuw platformalaryndan, interaktiw usullardan hem-de emeli aň tehnologiýalaryndan peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle-de, okuw maksatnamalarynyň gurluşyny we netijeliligini seljermegiň hem-de bahalandyrmagyň usullaryna seredildi. Diňleýjiler okuw sapaklaryna gatnaşyp, okatmagyň usulyýetini, okuw esbaplaryny we bilim netijelerini seljerdi. Okuw sapaklarynyň dowamynda dil okuw maksatnamalaryny CEFR (daşary ýurt dili boýunça bilim derejesini bahalandyrmagyň Umumy Ýewropa ulgamy) esasynda utgaşdyrmak hem-de diňläp düşünmek, okamak, gürlemek we ýazmak ukyplaryny bahalandyrmagy kämilleşdirmek boýunça çemeleşmeler maslahatlaşyldy. Bu okuwlar halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli bilim ulgamlaryna öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmaga gönükdirilendir.