30-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 2028-nji ýylda Halkara hukugyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça 2026-njy ýyl üçin çäreleriň Meýilnamasy barada hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek barada öňe süren başlangyjyny amala aşyrmagyň çäklerinde bellenilen Meýilnamanyň taslamasy taýýarlanyldy. Şeýle-de, bu ugurda BMG-niň Sekretariatynyň Hukuk meseleleri boýunça müdirligi bilen hyzmatdaşlyk etmek we BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýasynda degişli Kararnamanyň taslamasyny hödürlemek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, «Halkara hukugy we Türkmenistanyň bitaraplygy» atly Milli konsepsiýany taýýarlamak, ýylyň dowamynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda ylmy-amaly maslahatlary, brifingleri hem-de sebitleýin forumlary guramak göz öňünde tutulýar. Meýilnamanyň çäklerinde hukuk bilimini ýokarlandyrmak üçin okuw gollanmalaryny işläp düzmek, ýaşlaryň arasynda ylmy iş we düzme ýazmak boýunça bäsleşikleri geçirmek hem-de Daşary işler ministrliginiň internet sahypasynda ýöriteleşdirilen maglumat bölümini açmak meýilleşdirilýär. Döwlet Baştutany hödürlenen teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir