«Ýeke özi öýde», «Bitljus» filmleriniň we «Şitts Krik» serialynyň ýyldyzy, aktrisa Ketrin O’Hara aradan çykdy. Bu barada Variety neşiri habar berýär. 71 ýaşan O’Haranyň ölümine nämäniň sebäp bolandygy entek açyk aýdylmaýar. Ketrin O’Hara 1954-nji ýylyň 4-nji martynda Kanadanyň Toronto şäherinde dünýä indi. Ol aktyorlyk karýerasyna 70-nji ýyllarda başlady. Ketrin ilki başda multfilmleri seslendirip, soňra kinolarda we seriallarda peýda bolup başlady. 1985-nji ýylda ol Martin Skorsezeniň «Işden soň», 1988-nji ýylda bolsa Tim Bertonyň «Bitljus» filminde surata düşdi. O’Hara iň uly meşhurlyga Kris Kolambusyň «Ýeke özi öýde» komediýasynyň ekrana çykmagyndan soň eýe boldy. Aktrisa bu filmde baş gahrymanyň ejesiniň keşbini janlandyrdy. Soňra Ketrin «Ýabany Günbataryň rowaýatlary», «Geňleriň ýurdy», «Roždestwony başdan geçirmek» ýaly filmlerde hem görnükli rollary ýerine ýetirdi. Ol «Jüýjejigim, jüýje», «Tokaý doganlygy», «Frankenwini», «Ýabany robot» ýaly multfilmleriň gahrymanlaryny hem seslendirdi. 2024-nji ýylda O’Hara «Bitljus Bitljus» filminde Deliýanyň keşbine dolanyp geldi. 2025-nji ýylda ony Set Rogeniň «Kinostudiýa» serialynda görmegimiz hem ahmaldy. Bu roly üçin aktrisa şu ýylyň ýanwar aýynda ABŞ-nyň kinoaktyorlarynyň Gildiýa baýragyna dalaşgär görkezilipdi.