Nvidia mikroçip öndürijisi, şeýle hem Microsoft we Amazon tehnologiýa ägirtleri ChatGPT-niň işläp düzüjisi bolan OpenAI kompaniýasyna jemi 60 milliard dollar maýa goýmak barada gepleşik geçirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär. Çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, Nvidia 20 milliard dollara çenli maýa goýmagy meýilleşdirýär. Amazon bolsa 10 milliard dollar ýa-da ondan hem köp maýa goýar. Kompaniýanyň 27%-ine eýelik edýän Microsoft hem Amazon bilen deň derejede maýa goýum goşmagy göz öňünde tutýar. Şertnamanyň beýleki mümkin gatnaşyjylarynyň arasynda 30 milliard dollar töweregi maýa goýmagy göz öňünde tutýan Ýaponiýanyň SoftBank Group korporasiýasy, şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň özbaşdak gaznalary, hususan-da Abu-Dabiniň Maýa goýum edarasy we MGX kompaniýasy bar. Toplanan ägirt uly maýa goýum serişdeleri OpenAI-a öz işini giňeltmek üçin zerurdyr. Hususan-da, bu maliýe serişdeleri emeli aňyň kuwwatyny artdyrmaga kömek etjek täze maglumat merkezlerini gurmaga gönükdiriler.