UEFA Ýewropa ligasynyň 1/8 finalyna gatnaşmak hukugy ugrunda geçiriljek utulan-çykdy (play-off) oýunlarynyň bije çekişligi geçirildi. Ýaryşyň umumy tapgyrynyň netijeleri boýunça iň gowy netije görkezen sekiz klub göni 1/8 finala çykdy, galan 16 topar bolsa goşmaça tapgyrda galan ýollanmalar ugrunda bäsleşer. Bije boýunça toparlar şeýle saýlanyp-seçildi: «Ludogores» (Bolgariýa) — «Ferenswaroş» (Wengriýa); «Dinamo» (Zagreb, Horwatiýa) — «Genk» (Belgiýa); «Seltik» (Şotlandiýa) — «Ştuttgart» (Germaniýa); «Brann» (Norwegiýa) — «Bolonýa» (Italiýa); «Panatinaikos» (Gresiýa) — «Wiktoriýa Plzen» (Çehiýa); PAOK (Gresiýa) — «Selta» (Ispaniýa); «Fenerbahçe» (Türkiýe) — «Nottingem Forest» (Angliýa); «Lill» (Fransiýa) — «Srwena Zwezda» (Serbiýa). Göni 1/8 finala çykanlar: «Lion» (Fransiýa), «Aston Willa» (Angliýa), «Midtýulland» (Daniýa), «Betis» (Ispaniýa), «Portu», «Braga» (ikisi hem — Portugaliýa), «Fraýburg» (Germaniýa) we «Roma» (Italiýa). Play-off tapgyrynyň birinji oýunlary 19-njy fewralda, jogap duşuşyklary bolsa 26-njy fewralda geçiriler. 1/8 finalyň ilkinji oýunlary 12-nji marta, jogap oýunlary bolsa 19-njy marta meýilleşdirildi. Ýewropa ligasynyň häzirki ýeňijisi «Tottenhem Hotspur» toparydyr. Iňlis kluby geçen möwsümiň finalynda «Mançester Ýunaýtedi» 1:0 hasap bilen ýeňipdi.