Apple TV telekompaniýasy HBO-nyň üstünligini ozup geçmäge hyýallanýar. The Hollywood Reporter neşiriniň habar bermegine görä, striming hyzmaty ýazyjy Brendon Sandersonyň kitaplary esasynda fentezi-älemini döretmek üçin ägirt uly şertnama baglaşdy. Platforma «Kosmer» atly oýlanyp tapylan älem baradaky eserler toplumynyň hukuklaryny satyn aldy. Bu äleme fantastik romanlaryň awtorynyň «Elantris», «Duman içinde doglan», «Gaýçyragyň arhiwi» ýaly seriýalary we beýleki eserleri degişlidir. Ylalaşygyň şertlerine görä, «Duman içinde doglan» kitaplar toplumy esasyndaky filmler we «Gaýçyragyň arhiwi» boýunça seriallar başyna baryljak birinji taslamalar bolar. Älemiň sýužeti Adonalsium diýen jandaryň güýjüniň on alty sany döwük böleginiň töwereginde jemlenýär. Bu döwükler bolsa özboluşly jadyly ulgamlary bolan dürli dünýäleriň esasyny düzýär. Önümçilik prosesine Brendon Sandersonyň hut özi ýolbaşçylyk eder we ssenariýalary ýazmaga gatnaşar. Ýazyjy öz eserleriniň ekranlaşdyrylyşyna gözegçilik etmek boýunça giňeldilen ygtyýarlyklara hem eýe bolar. Taslamany döredijiler bu işiň gerimi we jikme-jik işlenilişi boýunça Jorj R. R. Martiniň romanlar älemi esasynda surata düşürilen «Tagtlar oýny» serialynyň derejesinden hem ýokary boljakdygyny wada berýärler.