Tesla kompaniýasy 2026-njy ýylyň ikinji çärýeginde Model S we Model X elektromobillerini öndürmegi bes eder. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Mask maýadarlar bilen geçirilen telefon arkaly maslahatda aýtdy diýip, CNN habar berýär. Maskyň aýtmagyna görä, Kaliforniýa ştatynyň Frimont şäherinde ýerleşýän we ozal bellenen modelleri ýygnaýan Tesla zawody Optimus gumanoid robotlaryny öndürmek üçin gaýtadan enjamlaşdyrylar. Bu çözgüt 2025-nji ýylyň ahyrynda kompaniýanyň girdejileriniň we satuw möçberiniň ep-esli peselmegi bilen baglylykda kabul edildi. CNN-iň bellemegine görä, ABŞ-daky we Ýewropadaky sarp edijileriň bir böleginiň brende bolan garaýşyna Ilon Maskyň syýasy işjeňligi täsir etdi. Şol bir wagtyň özünde, CNN-iň pikirine görä, Model S we Model X modellerinden ýüz öwrülmegi Tesla-nyň umumy satuwlaryna düýpli täsir etmez. Bu modelleriň bilelikdäki paýy kompaniýanyň satan awtomobilleriniň umumy möçberiniň, takmynan, 3%-ini düzýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir