«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy (IFT 2026) 18-nji martda Aşgabatda geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda bolar. Forumyň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi TMT Consulting Group konsalting kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär. Her ýyl geçirilýän bu forum ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini tanyşdyrmaga we hususy pudaga göni maýa goýumlary çekmegiň ýollaryna bagyşlanýar. Bu meýdança hyzmatdaşlyk ugurlaryny we täze maýa goýum taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin işewürlik dünýäsiniň wekillerini, maýadarlary we maliýe düzümlerini bir ýere jemlär. Şu ýyl forum Türkmenistanyň hususy pudagynyň halkara sergisi bilen bir wagtda geçiriler. Bu bolsa gatnaşyjylara işewürlik söhbetdeşlikleri bilen bir hatarda milli kärhanalaryň önümleri we hyzmatlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berer. Sergi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanýar. Guramaçylar daşary ýurt wekilleriniň işjeň gatnaşmagyna garaşýar. Geçen ýyl IFT forumy 25 ýurtdan 500-den gowrak wekili, 40 sany halkara guramany we 360-dan gowrak kompaniýany ýygnady. B2B we B2G formatynda geçirilen duşuşyklaryň netijesinde resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. IFT 2026-nyň gün tertibinde senagat we gaýtadan işleme, ulag we logistika, oba hojalygy, agrobiznes, IT-tehnologiýalar, sanly çözgütler, şeýle hem telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň çäreleri we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň usullary bar.