Usman Nurmagomedow agram derejesine garamazdan PFL-iň iň gowy söweşijileriniň taryhda ilkinji resmi reýtinginde birinji orny eýeledi. Bu barada promouşeniň metbugat gullugy habar berdi. Guramanyň Combat Registry portaly bilen bilelikde girizen orunlary paýlamak ulgamy erkekleriň ýedi we zenanlaryň bir diwizionyny öz içine alýar. Reýtingde türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow hem bar. Ol ýarym agyr agram derejesinde (93 kg çenli) Antonio Karlos kiçiden soň ikinji orny eýeledi. Bu agramda çempionlyk titulyny Kori Anderson eýeleýär (reýtingde çempionlar birinji orundan hem ýokarda hasaplanýar). Reýtingler pudagyň bilermenlerinden we metbugat wekillerinden ybarat bolan toparyň ses bermegi arkaly düzülýär. Döwletjan geçen ýylyň oktýabr aýynda Dubaýda PFL-iň çempion tituly ugrunda geçiren soňky tutluşygynda eminleriň biragyzdan karar bermeginde Andersondan ýeňildi. Bu şowsuzlyk türkmen türgeniniň yzygider gazanan ýedi ýeňişli tapgyrynyň kesilmegine sebäp boldy. Umumy reýtingiň lideri Nurmagomedow ýeňil agramda liganyň çempionydyr. Ol 7-nji fewralda Dubaýda britaniýaly Alfi Dewise garşy öz guşagynyň ilkinji goragyny geçirer.