2025-nji ýylda dünýäniň futbol klublary transferler üçin rekord derejedäki pul möçberini — 13,08 milliard dollary sarp etdiler. Bu barada Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) hasabatynda bellenilýär. 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, çykdajylar 52,3% ýokarlandy. Şol ýyl klublar oýunçylary satyn almak üçin 8,59 milliard dollar sarp edipdiler. Mundan öňki rekord 2023-nji ýylda hasaba alnyp, ol 9,66 milliard dollara deň bolupdy. FIFA-nyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda 24 558 sany transfer amaly hasaba alyndy. Bu görkeziji geçen ýyldakydan 7,7% köpdür. Şertnamalara jemi 5 283 sany klub gatnaşdy. Iňlis klublary hem transferler üçin edilen umumy çykdajylar (3,82 milliard dollar), hem-de transferlerden alnan tölegleriň möçberi (1,77 milliard dollar) boýunça öňde barýarlar. Oýunçy satyn almak üçin beýlekilerden has köp pul sarp eden toparlaryň arasynda «Mançester Siti», «Liwerpul» we «Çelsi» bar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir