Meduzalar hem gije-gündiziň dowamynda adamlar ýaly takmynan sekiz sagat ýatýan ekenler. Bu barada Nature Communications žurnaly Bar-Ilan uniwersitetiniň alymlaryna salgylanyp habar berýär. Lior Appelbaumyň ýolbaşçylygynda işleýän neýrobiologlar boşiçegeliler toparyna degişli jandarlary öwrenip, şeýle netijä geldiler. Hünärmenler infragyzyl kameralaryň kömegi bilen tersine öwrülen Cassiopea andromeda meduzalarynyň we Nematostella vectensis aktiniýalarynyň (deňiz ýyldyzjyklarynyň) özüni alyp barşyny öwrendiler. Netijede, meduzalaryň gündizine işjeň bolup, garaňky düşmegi bilen uka gidýändigi, aktiniýalaryň bolsa, tersine, gijesine oýa bolýandygy anyklanyldy. Jandarlaryň uky ýagdaýy olaryň damar urmasynyň peselmegi hem-de uzak wagtlap hereketsiz galmagy arkaly kesgitlenildi. Synagyň barşynda jandarlara ultramelewşe şöhleleri we DNK-syna zeper ýetirýän himiki maddalar bilen täsir edildi. Bu amallardan soň, synag edilýän jandarlaryň dynç alyş wagty has-da uzaldy. Appelbaumuň bellemegine görä, meduzalar oýa wagty olaryň DNK-synda zeper ýygnanýar, gijeki uky wagtynda bolsa ol dikelip başlaýar. Geçirilen ylmy işiň netijeleri, uky mehanizmleriniň ewolýusiýa döwründe kelle beýnisiniň kemala gelmeginden has öň dörändigini tassyklaýar.