Samsung kompaniýasy ABŞ-da üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonynyň satuwynyň başlanýandygyny mälim etdi. Gurluş 2026-njy ýylyň 30-njy ýanwaryndan başlap 2899 dollar baha bilen satylar. Smartfon doly açylan ýagdaýynda 2160 × 1586 piksel durulygyndaky, 120 Gs täzelenme ýygylygy we 1600 kd/m2 iň ýokary ýagtylygy bolan 10 dýuýmlyk OLED ekrany bilen üpjün edildi. Korpusyň iň inçe ýeriniň ýogynlygy 3,9 mm barabar. Öndürijiniň habar bermegine görä, smartfonyň şarnirleri 200 müň gezek açylyp-ýapylmaga niýetlenendir. ABŞ-da bu model gara reňkde we 512 GB içki ýat bilen elýeterli bolar. Korpusyň ortaky böleginiň daşky tarapynda 2520 × 1080 piksel durulygyndaky, 120 Gs täzelenme ýygylygy we 2600 kd/m2 iň ýokary ýagtylygy bolan goşmaça 6,5 dýuýmlyk displeý ýerleşýär. Smartfon Qualcomm Snapdragon 8 Elite prosessorynda işleýär we 5600 mA/sag sygymly akkumulýator bilen üpjün edildi. Esasy kamera Galaxy Z Fold 7 modeli bilen meňzeş bolup, ol 200 Mp esasy moduly, 12 Mp giň burçly kamerany we 10 Mp telefotomoduly öz içine alýar. Öňdäki kamera 10 Mp. TechCrunch neşiriniň maglumatyna görä, Galaxy Z TriFold ABŞ-nyň bazarynda iň gymmat smartfon bolar. Ol hatda 2 TB ýady bolan iPhone 17 Pro Max modelinden we 2000 dollar bahasy bolan Samsung Galaxy Z Fold-dan hem ep-esli gymmatdyr. Smartfon diňe Samsung-yň bölek söwda dükanlarynda we resmi saýtynda satylar. Ol mobil operatorlaryň üsti bilen satuwa çykarylmaz.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir