UEFA Ýewropa ligasynyň 2025/26 möwsüminiň umumy tapgyry tamamlandy. 30-njy ýanwara geçýän gije tamamlan oýunlaryň netijeleri boýunça ýaryşyň pleý-off tapgyrynda çykyşyny dowam etdirjek 24 topar mälim boldy. Iň gowy netije görkezen sekiz klub göni 1/8 finala çykdy, galanlary bolsa utulan-çykdy oýunlarynda güýç synanyşarlar. Umumy tapgyryň ýaryş jedwelinde ilkinji üç orny «Lion», «Aston Willa» we «Midtýulland» toparlary eýelediler. Fransiýaly «Lion» topary öz meýdançasynda PAOK-y 4:2 hasabynda ýeňip, jedweldäki liderligini saklap galdy. Myhmanlar oýnuň esasy bölegini meýdançada on kişi bolup oýnadylar. Unai Emeriniň tälimçiligindäki «Aston Willa» bolsa «Salsburg» bilen bolan duşuşykda ikiji ýarymda 0:2 hasaby bilen utulyp barýan ýagdaýynda kambek edip, 3:2 hasaby bilen ýeňiş gazanmagy başardy we ikinji orny eýeledi. Daniýaly «Midtýulland» topary bolsa Zagrebiň «Dinamosyny» 2:0 hasabynda ýeňen «Midtýulland» saklap galdy. 1/8 finala göni ýollanma alan iň soňky topar «Roma» boldy. Italýan kluby oýnuň 15-nji minutynda meýdançada 10 bolup galandygyna garamazdan, myhmançylykda «Panatinaikos» bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady we sekizinji orunda ornaşdy. 8-nji tapgyryň netijeleri: «Aston Willa» — «Zalsburg» — 3:2 «Seltik» — «Utreht» — 4:2 «Portu» — «Reýnjers» — 3:1 «Bazel» — «Wiktoriýa» — 0:1 «Midtýulland» — «Dinamo» Zagreb — 2:0 «Srwena Zwezda» — «Selta» — 1:1 FKSB — «Fenerbahçe» — 1:1 «Gou Ehed Iglz» — «Braga» — 0:0 «Genk» — «Malmö» — 2:1 «Lill» — «Fraýburg» — 1:0 «Makkabi» Tel-Awiw — «Bolonýa» — 0:3 «Nottingem Forest» — «Ferenswaroş» — 4:0 «Lion» — PAOK — 4:2 «Panatinaikos» — «Roma» — 1:1 «Ludogores» — «Nitsa» — 1:0 «Betis» — «Feýenoord» — 2:1 «Şturm» — «Brann» — 1:0 «Ştuttgart» — «Ýang Boýz» — 3:2 Göni 1/8 finala çykanlar: «Aston Willa» (Angliýa), «Braga» (Portugaliýa), «Lion» (Fransiýa), «Midtýulland» (Daniýa), «Portu» (Portugaliýa), «Betis» (Ispaniýa), «Roma» (Italiýa), «Fraýburg» (Germaniýa). Utulan-çykdy (play-off) oýunlarynda oýnajaklar: «Bolonýa» (Italiýa), «Brann» (Norwegiýa), «Wiktoriýa» (Çehiýa), «Genk» (Belgiýa), «Dinamo» Zagreb (Horwatiýa), «Lill» (Fransiýa), «Ludogores» (Bolgariýa), «Nottingem Forest» (Angliýa), «Panatinaikos» (Gresiýa), PAOK (Gresiýa), «Seltik» (Şotlandiýa), «Selta» (Ispaniýa), «Fenerbahçe» (Türkiýe), «Ferenswaroş» (Wengriýa), «Srwena Zwezda» (Serbiýa), «Ştuttgart» (Germaniýa). Utulan-çykdy tapgyrynyň bije çekilişigi 30-njy ýanwarda geçiriler. Dabara sagat 17:00-da başlar.