Ýaponiýanyň SoftBank korporasiýasy OpenAI kompaniýasyna 30 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada The Wall Street Journal neşiri öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, ChatGPT-ni dörediji häzirki wagtda dürli maýadarlar bilen jemi 100 milliard dollar möçberinde maliýe serişdesini çekmek boýunça gepleşikleri alyp barýar. Maliýeleşdiriş tapgyry üstünlikli tamamlanan ýagdaýynda, kompaniýanyň bazar gymmaty 830 milliard dollara çenli ýokarlandyrylar. 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda, maýa goýumlarynyň öňki tapgyrynyň netijelerine görä, OpenAI 500 milliard dollar möçberinde bahalanypdy. Çeşmeler maýa goýujylar bilen gepleşikleriň dowam edýändigini, şol sebäpli şertnamalaryň gutarnykly şertleriniň entek üýtgedilip bilinjekdigini-de nygtaýarlar. Mundan ozal OpenAI-yň öz paýnamalaryny ilkinji gezek köpçülige hödürlemek niýetiniň bardygy barada maglumatlar peýda bolupdy. Kärhananyň ýolbaşçylygy biržada satuwa çykanyndan soňra, guramanyň bahasynyň 1 trillion dollardan geçjekdigine tama edýär. Häzirki wagtda SoftBank 11 göterim paýy bilen OpenAI-yň iň uly paýdary bolup durýar. Ýapon holdingi tehnologik startapy ösdürmek üçin eýýäm takmynan 22,5 milliard dollar sarp etdi.