Dubaýyň häkimiýetleri sözüň göni manysynda altyn köçäni gurmak hakda meýilnamalarynyň bardygyny habar berdiler. Bu barada Euronews teleýaýlymy mälim edýär. Köçäniň gurluşygynda altyn ulanyljakdygy wada berilýär, emma anyk nähili usul bilen ulanyljagy entek doly belli däl. Bu köçe Dubaýyň häzirki hereket edýän Altyn bazarynyň täze brendi bolan Dubai Gold District (Dubaýyň altyn etraby) taslamasynyň bir bölegine öwrüler. Deýra sebitinde ýerleşýän bu etrap altyn şaý-sepleri satýan müňe golaý söwda nokatlaryny birleşdirýär. Altyn köçäniň açyljak senesi häzirlikçe aýdylmaýar. «Altyn Dubaýyň medeni we işewürlik durmuşyna çuňňur ornaşandyr, ol biziň mirasymyzy, rowaçlygymyzy we üýtgewsiz telekeçilik ruhumyzy alamatlandyrýar. <…> Biz bu ähmiýetli ýeri döretmek arkaly, diňe bir şol mirasy nygtamak bilen çäklenmän, eýsem ony döredijilik we durnukly ösüş bilen kesgitlenýän täze döwür üçin gaýtadan özboluşly dizaýn edýäris» diýip, Dubai Festivals and Retail Establishment (DFRE) guramasynyň baş direktory Ahmed Al-Haja täzelik hakynda gürrüň berýär. Dubaý dünýäde iň beýik bina bolan Burj Halifa we iň uly attraksion hasaplanýan Ain Dubai ýaly ägirt binagärlik taslamalary bilen hem meşhurdyr. Ýakynda şäherde beýikligi 377 metre ýetýän dünýäniň iň beýik myhmanhanasy Ciel Dubai Marina-nyň açylmagy-da bu aýdylanlara mysaldyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir