Financial Times neşiriniň berýän habaryna görä, SpaceX kompaniýasy paýnamalarynyň ilkinji gezek köpçülige hödürlenmegini (IPO) 2026-njy ýylyň iýun aýynyň ortalaryna geçirmegi meýilleşdirýär. Neşirde bu senäniň saýlanyp alynmagynyň sebäbi şol aýda kärhananyň esaslandyryjysy Ilon Maskyň doglan gününiň, şeýle-de planetalaryň ýörişiniň boljakdygy bilen baglanylýar. SpaceX-iň wekilleri bu maglumata teswir bermekden ýüz öwürdiler. Mundan ozal kompaniýanyň umumy bahasyny 1,5 trillion diýip kesgitlemek bilen, 50 milliard dollardan gowrak möçberde rekord derejeli paýnamalaryny ýerleşdirmek niýetiniň bardygy mälim boldy. Bu prosese taýýarlyk görmäge Bank of America, Goldman Sachs, JPMorgan Chase we Morgan Stanley ýaly maliýe guramalary çekildi. Şol bir wagtyň özünde, birnäçe bankirler we maýadarlar iýun aýyndaky listinge (paýnamalaryň birža sanawyna girizilmegine) taýýarlyk görmegiň möhletiniň örän gysgadygyna närazylyk bildirýärler. Ilon Mask doglan gününi 28-nji iýunda belleýär. Bu ýyl onuň 55 ýaşy dolýar. Hut şol günlerem wajyp astronomik wakalara garaşylýar: 8–9-njy iýunda Ýupiter we Wenera planetalary biri-birine golaýlaşar, ondan soňky günlerde bolsa Ýupiter, Wenera we Merkuriý planetalarynyň bir hatara düzülmegi netijesinde planetalaryň ýörişi bolar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir