Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary we pedagogika bilimi (koreý dili, türkmen dili we edebiýaty) ugrunyň talyplary 2026-njy ýylyň 19-njy ýanwary – 2-nji fewraly aralygynda Koreýa Respublikasynda gysga möhletli okuw maksatnamasyna gatnaşýar. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebi bilen Kangwon milli uniwersitetiniň arasyndaky özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäginde guralýan «Feel Korea! with KNU» atly okuw maksatnamasy Seul we Çhunçhon şäherlerinde geçirilýär. Maksatnamanyň dowamynda oňa gatnaşyjylar koreý dili boýunça amaly sapaklara gatnaşyp, özleriniň ýazuw we sözleýiş ukyplaryny, şol sanda gündelik gepleşik endiklerini kämilleşdirýär. Okuw meýilnamasyndan daşary talyplar Çhunçhon we Seul şäherleriniň milli muzeýlerine we taryhy ýerlerine baryp, Koreýanyň baý medeni mirasy hem-de tebigy gözellikleri bilen ýakyndan tanyşdy. Bu görnüşdäki okuw maksatnamalary dili tebigy gurşawynda öwrenmäge we nazary bilimleri tejribe bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Koreý halkynyň däp-dessurlary we durmuş ýörelgeleri bilen tanyşmak talyplaryň dünýägaraýşyny giňeltmek bilen, olaryň geljekde ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerine hem-de halkara hyzmatdaşlygyna bolan gyzyklanmasynyň artmagyna uly goşant goşýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir