Meksikanyň Antropologiýa we taryh milli institutynyň (INAH) arheologlary San-Pablo-Uitso häkimliginiň ýerleşýän ýerinden sapotekleriň , takmynan, biziň eýýamymyzyň 600-nji ýylyna degişli bolan aramgähini ýüze çykardylar. ArtDaily neşiriniň ýazmagyna görä, bu gurluş özüniň asyl durkuny tas doly diýen ýaly abatlygyyna saklapdyr. Aramgähiň girişi baýguşyň şekili we sapotek hökümdarynyň gyzyl reňkli mermer heýkeli bilen bezelipdir. Alymlaryň pikiriçe, bu keşp aramgähiň eýesini alamatlandyryp biler. Giriş gapysynyň iki gapdalynda kelleleri gabaraly başgaply erkek we aýal şekilleri oýulyp ýasalan ägirt uly daş sütünleri ýerleşýär. Aramgähiň içinde arheologlar senenama belgileri oýulyp ýazylan dürli reňkli daşly diwar bezeglerini (frizleri), şeýle-de gapy bosagalaryndaky goragçylaryň şekillerini tapdylar. Diwarlarda dabaraly ýörişi görkezýän reňbe-reň suratlar (freskalar) çekilipdir. Suratlardaky gahrymanlar hoşboý ysly tütetgi hökmünde ulanylýan agaç şepbigini — kopal guýlan gaplary göterip barýarlar. Bezeglerde sarymtyl, ak, ýaşyl, gyzyl we gök reňkler agdyklyk edýär. Meksikanyň Prezidenti Klaudiýa Şeýnbaum hem bu taryhy ähmiýetli täzelige üns çekip, onuň ýurduň soňky onýyllykdaky iň ähmiýetli arheologik açyşydygyny belledi. Hakykatdan hem, aýdyşy ýaly, bu tapyndy sapotekleriň jemgyýetçilik gurluşyny, ynançlaryny we dini däp-dessurlaryny has çuňňur öwrenmäge ýardam berer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir