Hytaýda iPhone Air modeliniň bahalarynyň ep-esli peselmeginden soň satuwlar düýpli üýtgedi. Meşhur JD.com internet bazarynda smartfonyň 256 GB ýatly wersiýasy eýýäm "satylyp gutardy" diýlip görkezilýär. Önümiň maglumat sahypasynda enjamyň täzeden satyn alynma (getirilme) tapgyryndadygy we eltip berme möhletleriniň fewral aýyna süýşürilendigi bellenilýär. Şol bir wagtyň özünde, Apple-iň Tmall platformasyndaky resmi dükanynda iPhone Air henizem sargyt etmek üçin elýeterlidir. Ol ýerde eltip bermegiň garaşylýan wagty takmynan alty güne deňdir. Ýatladyp geçsek, iPhone Air satuwa çykarylan pursady 7499 ýuan (takmynan 1075 dollar) bahalanýardy. Häzirki wagtda bolsa enjam 5499 ýuandan (takmynan 788 dollar) hödürlenýär. Bu bolsa smartfonyň başlangyç bahasyndan takmynan 27% arzanlandygyny aňladýar. Arzanladyşdan soň gyzyklanmanyň wagtlaýyn artandygyna garamazdan, Hytaýda işjeňleşdirilen iPhone Air-leriň umumy sany henizem pes bolmagynda galýar. Ol jemi 200 000 birlikden azdyr. Bu görkezijiler täze modeliň ilkinji satuwynyň garaşylýan derejeden ep-esli pes bolandygyny we modeliň "şowsuz" hasaplanýandygyny tassyklaýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir