Boks boýunça öňki dünýä çempiony Taýson Fýuri 11-nji aprelde russiýaly Arslanbek Mahmudow bilen duşuşar. Bu barada britaniýaly boksçy özüniň Instagram sahypasynda habar berdi. «Bu resmi habar. Men öz halaýan işime dolanýaryn» – diýip, Fýuri ýazdy. Arslanbek Mahmudow, öz gezeginde, «hakyky söweş guramaga öňkülerden-de has gowy taýýar boljakdygyny» aýtdy. Saud Arabystanynyň Baş dynç alyş edarasynyň başlygy Turki Al aş-Şeýh X sosial ulgamynda bu tutluşygyň Beýik Britaniýada geçiriljekdigini habar berdi. Duşuşyk Netflix striming platformasy arkaly ýaýlyma berler. Taýson Fýuri 37 ýaşynda. Onuň hasabynda 34 ýeňiş (24-üsi nokaut bilen), iki ýeňliş we bir deňme-deňlik bar. Ol Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC), Halkara boks guramasynyň (WBO), Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA) we Halkara boks federasiýasynyň (IBF) çempionlyk titullarynyň eýesi boldy. Britaniýaly türgen 2017-nji ýylda karýerasyny tamamlaýandygyny yglan etdi, ýöne şondan soň birnäçe gezek ringe dolandy. Ol soňky iki söweşini 2024-nji ýylda ukrainaly Aleksandr Usige garşy geçirip, ikisinde-de ýeňlişe sezewar boldy. 36 ýaşly Arslanbek Mahmudow professional ringde 21 ýeňiş (19-ysy nokaut bilen) gazandy we iki gezek ýeňildi. Ol özüniň soňky tutluşygynda britaniýaly Dewid Alleni ýeňip, WBA-nyň yklymara çempion titulyny eýeledi.