Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň her bir raýatynyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesli ata Watanymyza wepalylyk ruhunda terbiýelemek türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Belent Serkerdebaşymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň özenini düzýär. Hut şoňa görä-de, Watana hyzmat etmegi ömrüniň manysyna deňeýän zehinli nesilleri bilen eziz Diýarymyzyň at-abraýy älem-jahana ýaň salýar. Biziň hemmämiz maşgalada ene-atamyzdan, işde halypalardan Watana wepaly hyzmat etseň, halal zähmet çekseň hemişe ýörän ýoluň açykdygy hakynda köp öwütleri diňläp ulaldyk. Çünki Watan seniň barlygyň güwäsi, ömrüň sapaly mesgeni. Şonuň üçin-de, gözümiziň öňünde günsaýyn özgerýän, bütin dünýä parahatçylyk mukamyny ýaýýan şu Diýarda doglandygyňa müň keren şükür edýärsiň. Merdana pederlerimiziň asyrlarboýy ündän oňat häsiýetleri Watan diýen beýik düşünjede jemlenipdir. Watansöýüji ynsany terbiýeläp ýetişdirmek ata-babalarymyzyň baş maksady bolupdyr. Eziz Watan hemişe arzylanyp goralypdyr, gerek bolsa onuň her daban ýeri üçin şirin jandan geçilipdir. Gahryman Arkadagymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda hem: «Biziň her birimiziň bitirýän işimiz, hereketlerimiz Watany beýgeltmegiň, ýurdy gülletmegiň hatyrasyna bolmalydyr. Meger, şundan ýokary wezipe, şundan uly borç ýokdur» diýip belleýär. Şu çuň manyly sözleri okan, Watany öz ömrüniň manysy hasaplan, ony mukaddeslige göterip, onuň üçin gara başyny orta goýan ýigidiň ölmez-ýitmez bolýandygyna bütin durky bilen ynanan Watan perzendi nädip edermen bolmasyn?! Türkmen topragyna syýahatçy hökmünde gelen birnäçe alymlaryň, jahankeşdeleriň galdyran ýazgylaryndan çen tutsak hem halkymyzyň asyrlarboýy berjaý edip gelýän we ýazylmadyk kanun bolup aňymyza siňen Watan duýgy-düşünjesiniň ganymyza ornaşandygyna göz ýetirýäris. Türkmen ýigitleriniň janyndan-da eziz gören Watanyny gorap, agzybirligi elden bermän, söweşlerde özlerinden san taýdan birnäçe esse artyk goşunlardan üstün çykandyklaryna taryh şaýat. Taryhda uly yz galdyran meşhur serkerdeleriň ömür ýoly baradaky ýazylanlar hem olaryň watansöýüjiliginiň beýik nusgasyny aýan edýär. Oguz han, Görogly beg, Alp Arslan, Jelaleddin Menguberdi, Soltan Sanjar, Mälik şa ýaly türkmen serkerdeleriniň ady äleme ýaýrandyr. Çünki bu mukaddes topragy goramak olaryň baş maksady bolupdyr. Merdana pederlerimizden nusga alan nesiller bu günki günde Watanyny başynyň täjine deňeýärler, ony ähli gymmatlyklaryň seresi hasaplaýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan we häzirki döwürde diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň uly gyzyklanma bilen okaýan, öwrenýän, gymmatly taryhy maglumatlary, türkmen milli ýörelgelerini, edim-gylymlaryny, däp-dessurlaryny, ahlak kadalaryny özünde jemleýän ajaýyp eserlerinde gadymy oguz iliniň nesillere edebiň ýagşysynyň Watany söýmekdigini öwüt-ündew edendikleri täsirli beýan edilýär. Şol ajaýyp eserlerde türkmen milletiniň döräli bäri edermen, batyr, gaýratly ýigitleriň hemişe sarpalanýandygy, olaryň hormatynyň belentde tutulýandygy baradaky maglumatlara ýüzlenilýär. Watan goragy öz mukaddes topragyňa tagzym etmegiň baş şertidir. Watan-mukaddeslik, gerçek ýigitler bolsa, onuň daşyndaky gala. Her bir çekilýän zähmet, bitirilýän ýagşy amal Watanyň beýgelmegine bagyşlanmalydyr. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradowyň «Watan hyrujy» atly goşgusyndaky: Watan - her ýüregiň kasam-ähtinde, Ygtybar gollarda Watan baýdagy. Watan-ene hüwdüsinde, mährinde, Watan-eýýamlaryň baky aýdymy! diýen setirleriniň özi hem ynsanyň iň gymmatly baýlygynyň, ruhunyň daýanç sütüniniň hem-de ähli mukaddeslikleriň Watanda jemlenýändigini aýdýar. Hakykatdan-da, häzirki döwrüň esasy talaplarynyň we zerurlyklarynyň biri hem ösüp gelýän ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekden, ýurdy dolandyrmaly ertirki adamlar hökmünde ýaşlara Watana hyzmat etmegiň iň mukaddes ýörelgedigini düşündirmekden ybaratdyr. Şunda merdana ata-babalarymyzyň ýaş nesli terbiýelemekde, olardan öz ýurdunyň merdem, gerçek goragçysyny kemala getirmekde, her bir türkmen ýigidiniň ýüreginiň diňe: «Watanym, ýurdum, halkym» diýip urmagyny gazanmakda döreden mizemez terbiýe mekdebini dowam etdirmek möhüm bolup durýar. Parahatçylygy-ýürek baýdagyna, älem-jahany mähir-mukama deňeýän hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatynda eziz Watanymyzyň parahatçylygyna, mähriban halkymyzyň abadan durmuşda, bagtyýar günlerde ýaşamagynyň hatyrasyna gönükdirilen örän oýlanyşykly meýilleri bar. Çünki Watanyň asudalygy we parahatçylygy diňe bir ynsan ýüreginiň däl, eýsem, zeminiň-de arzuwy. Häzirki döwürde merdana Watan goragçylary gahryman pederlerimiziň edermenlik mekdebini mynasyp dowam etdirýärler. Watan goragçylaryna iň jogapkärli wezipe-Watan goragy, il asudalygy, ýurt ykbaly ynanylýar. Şeýle jogapkärli wezipäni abraý bilen ýerine ýetirmek üçin Watan goragçylaryna döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler, ýeňillikler berilýär. Çünki Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna we işgärlerine iberýän Gutlagynyň çuň many-mazmuny hem hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Watan goragçylaryna bildirýän uly ynamynyň, çäksiz hormatynyň we olar hakynda edýän aladalarynyň aýdyň nyşanydyr. Kalbymyzy bagt mukamyndan pürepürläp, parahatçylyk we ynanyşmak ýoly bilen Watanymyzy ösüşleriň belent sepgitlerine tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, umumadamzat bähbitli tutumlary hemişe rowaç bolsun! Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäheri boýunça birleşmesiniň hünärmeni Ogulnar Baýramowa

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir