Şu gün dünýä biržalarynda altynyň bahasy taryhda ilkinji gezek bir unsiýa üçin 5000 dollardan geçdi. Reuters agentliginiň habar bermegine görä, duşenbe güni irden gymmat bahaly metal bir unsiýa üçin 5100 dollar derejesinde satyldy. Maglumatlara görä, bahalaryň ýokarlanmagy dünýäde geosyýasy dartgynlylygyň güýçlenmegi bilen baglanyşykly. Analitikler durnuksyzlyk döwründe maýadarlaryň, adatça, altyna gorag aktiwi hökmünde seredip, ony işjeň satyn alýandygyny belleýär. Islege ABŞ-nyň Hytaý bilen şertnama baglaşan ýagdaýynda Kanadadan importa 100 göterim paç girizip biljekdigi barada aýtmagy hem goşmaça täsir etdi. 2025-nji ýylda altynyň bahasy ABŞ-nyň pul-karz syýasatynyň gowşadylmagy, Hytaýyň Merkezi banky tarapyndan islegiň bolmagy we maýadarlaryň gymmat bahaly metallara gyzyklanmasynyň artmagy esasynda 64% ýokarlandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir