Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda harby bölümleriň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Saparyň dowamynda döwlet Baştutany esger ýatakhanalaryna baryp, bu ýerde gullukçylar üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Belent Serkerdebaşymyz dynç alyş otaglaryny, Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri bilen üpjün edilen kitaphanany hem-de sport zalyny gözden geçirdi. Soňra Prezidente goşunymyzyň düzümine gelip gowşan harby tehnikalaryň täze nusgalary görkezildi. Soňra döwlet Baştutany esger naharhanasyna hem baryp, tagamlaryň hili we düzümi bilen gyzyklandy. Harby gullukçylar nahar sanawynda tebigy önümleriň we milli tagamlaryň hödürlenýändigini habar berdiler. Türkmen gurluşykçylary tarapyndan gurlan toplumyň çäginde döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen lukmançylyk nokady, söwda merkezi, açyk sport meýdançasy, nyzam meýdançasy, medeniýet öýi, esger ýatakhanalary, okuw-türgenleşik meýdançasy, suw howdany, awtoulaglar üçin duralga, dikuçar meýdançasy, gulluk, hojalyk we durmuş maksatly binalar ýerleşdirilipdir. Bu binalarda harby gullukçylar üçin ähli şertler döredilendir. Belent Serkerdebaşymyz okuw-türgenleşik meýdançasynda harby türgenleşikleri synlady. Okuw-türgenleşikleriniň dowamynda harby gullukçylar ýörite tehnikalaryň kömegi bilen gysga wagtyň içinde goşunlary geçirmek üçin suw howdanynyň üstünden uly göwrümli köpri gurdular. Saparyň ahyrynda döwlet Baştutany ofiserleriň maşgalalary üçin gurlan ýaşaýyş toplumyny gözden geçirdi. Bu toplum 200 maşgala niýetlenen, her biri 50 öýli 4 sany döwrebap jaýdan, şeýle hem dükandan, çagalar meýdançasyndan we awtoduralgadan ybaratdyr. Serdar Berdimuhamedow maşgalalaryň birine myhmançylyga baryp, harby gullukçynyň çagalary bilen söhbetdeş boldy we olara sowgat gowşurdy. Döwlet Baştutany saparyny tamamlap, harby gullukçylara täze gulluk awtoulaglarynyň açarlaryny gowşurdy.