22-nji ýanwarda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçisi Mekan Işangulyýew Ankara Söwda-senagat edarasynyň başlygy Gürsel Baran bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar energetika, ulag-logistika, oba hojalygy we gurluşyk pudaklarynda, şeýle hem azyk senagaty ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada gürrüň etdiler. Mundan başga-da, iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak meseleleri we bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagyň mümkinçilikleri baradaky teklipler orta atyldy. Türkmenistanyň we Türkiýäniň kiçi we orta telekeçilik düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, şol sanda telekeçileriň sergilere we dürli forumlara gatnaşmagyny üpjün etmek, şeýle hem özara bähbitli maýa goýumlaryny çekmek baradaky pikirler öňe sürüldi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir