Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy. Söhbetdeşligiň dowamynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamany durmuşa geçirmegiň täze tapgyrlary maslahatlaşyldy. Taraplar çagalar baradaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny bellediler. Gysga wagtyň içinde goldawa mätäç çagalara ýokary tehnologiýaly lukmançylyk kömegini bermegiň ajaýyp nusgasyna öwrülen haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerine aýratyn üns berildi. ÝUNISEF-iň wekili Türkmenistanyň ynsanperwer başlangyçlarynyň Durnukly ösüşiň ählumumy maksatlaryna doly gabat gelýändigini, ýurduň eneligi we çagalygy goramak babatdaky tejribesiniň bolsa halkara derejede ykrar edilmäge mynasypdygyny nygtady. Duşuşygyň dowamynda saglygy goraýyş, inklýuziw bilim we durmuş integrasiýasy ulgamlarynda uzak möhletleýin taslamalary amala aşyrmagyň meýilnamalaryna garaldy. Tagallalaryň birleşdirilmegi Türkmenistanda her bir çaganyň sagdyn we bagtyýar geljege bolan hukugyny mundan beýläk-de üpjün etmäge mümkinçilik döreder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir