2025-nji ýylda dünýäde täze ýeňil awtoulaglaryň satuwy geçen ýyl bilen deňeşdirilende artdy. GlobalData-nyň maglumatlaryna görä, 12 aýda 91,9 million awtoulag satyldy, bu bolsa 2024-nji ýyldaky görkezijiden 3,6% ýokarydyr. Ilkinji gezek ýyllyk satuwyň möçberi pandemiýadan öňki 2019-njy ýyldaky derejeden geçdi, şol ýyl dünýäde 90 milliondan gowrak awtoulag satylypdy. Şeýle-de bolsa, 2025-nji ýylyň dekabrynda dünýä bazarynda satuwlar peselip, 8,4 million awtoulag ýerlenildi, bu 2024-nji ýylyň dekabry bilen deňeşdirilende 2,5% pesdir. Günbatar Ýewropa ýylyň ahyrynda ösüş gazanan az sanly sebitleriň biri boldy. Dekabr aýynda ol ýerde täze awtoulaglaryň satuwy 3,2% artyp, 1,17 million awtoulaga barabar boldy. Bu ösüş Germaniýada, Italiýada we Beýik Britaniýada alyjylaryň köpelmegi bilen baglanyşyklydyr. Bütin ýylyň dowamynda Günbatar Ýewropada 13,4 million täze awtoulag satyldy, bu bolsa 2024-nji ýyldaky görkezijiden 0,3% köp. Hytaýda bolsa, tersine, dekabr aýynda satuw 15,5% peselip, 2,5 million awtoulaga çenli düşdi. Bu pese gaçyş ýurtdaky awtoulag utilizasiýasynyň maksatnamasyna girizilen üýtgeşmeler bilen baglanyşyklydyr. Negatiw tendensiýalar ABŞ-da hem ýüze çykdy, bu ýerde awtoulag söwdasy 1,4% gowşady. Onuňam esasy sebäpleriniň biri — ýurtda elektrik awtoulaglara bolan hyrydarlygyň ep-esli peselmegi bilen bagly.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir