Watershed Investigations we The Guardian gazetleriniň bilelikdäki gözlegine görä, dünýäniň iň uly 100 şäheriniň ýarysy eýýäm suw ýetmezçiliginiň ýokary derejesi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Barlagçylar suw ýetmezçiligini öý hojalyklary we senagat üçin zerur bolan suwuň möçberiniň ätiýaçlykdaky mukdardan artyk bolýan ýagdaýy hökmünde kesgitleýärler. Olar muňa esasy sebäpler hökmünde suw serişdelerini netijeli dolandyrmazlygy we howanyň üýtgemeginiň güýçlenmegini görkezýärler. Suw ýetmezçiliginiň çaksyz derejesi bilen ýüzbe-ýüz bolýan şäherleriň arasynda Pekin, Nýu-Ýork, Los-Anjeles, Rio-de-Žaneýro we Deli bar. London, Bangkok we Jakarta ýaly şäherler suw ýetmezçiliginiň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Şeýle ýagdaýdaky şäherleriň sany 38-e ýetýär London Uniwersitet kollejiniň alymlary NASA-nyň hemra maglumatlaryny aýratyn seljermek arkaly suwsuzlygyň iki onýyllyk bäri dowam edýän esasy şäher ýerlerinde, takmynan 1,1 milliard adamyň ýaşaýandygyny görkezdi. Deňeşdirmeli bolsa, bu ýagdaýyň düýbünden tersindäki şertlerde 96 milliona golaý adamyň ýaşaýandygyny aýtmak bolar. Watershed Investigations web sahypasy dünýäniň dürli sebitlerinde suw ýetmezçiliginiň derejesini görkezýän «Suw howpsuzlygynyň atlasy» atly interaktiw kartany çap etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir