22-nji ýanwarda Aşgabatda “Howanyň üýtgemegi şertlerinde saglyk we iýmitleniş” atly halkara maslahat geçirildi. Munuň özi ýurdumyzyň bu ugurda umumy tagallalary birleşdirmäge uly goşant goşýandygynyň nobatdaky güwäsidir. Maslahata Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasynyň (FAO), Ösüş maksatnamasynyň, beýleki halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Russiýanyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda türkmen tarapynyň wekilleriniň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolmak bilen, ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Howanyň üýtgemegi azyk howpsuzlygy bilen bir hatarda, saglyk we iýmitlenmek bilen baglanyşykly beýleki meseleleriň hem döremegine getirýär. Şunuň bilen baglylykda, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça tagallalary birleşdirmek, saglyga we ekoulgamlara howp salýan meseleleri çözmek, ilaty arassa suw, energiýa, howa, howpsuz we ýokumly iýmit bilen üpjün etmek ýaly umumy meseleleri çözmek zerurlygy ýüze çykýar. Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň çykyşlarynda howanyň üýtgemeginiň azyk ulgamlaryna we jemgyýetçilik saglygyna göni hem-de köpugurly täsir edýändigi nygtaldy. Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa sebiti, şeýle-de goňşy döwletler utgaşdyrylan hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri talap edýän umumy meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Foruma gatnaşyjylar ýerleriň şorlaşmagy, suw serişdeleriniň ýetmezçiligi netijesinde ýüze çykýan töwekgelçilikleri peseltmekde azyk ulgamlaryna çemeleşmeleri özgertmegiň möhümdigine ünsi çekdiler. Howanyň üýtgeýän şertlerinde biodürlüligi gorap saklamaga, ilaty ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmäge mümkinçilik berjek strategiýalary işläp taýýarlamak zerurdyr. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda “Bitewi saglyk” maksatnamasyna aýratyn üns berildi. Nygtalyşy ýaly, hut şu toplumlaýyn çemeleşme oba hojalyk önümlerini öndürmegiň we sarp etmegiň zynjyrlaryny çuňňur özgertmekde esas bolup hyzmat etmelidir. Bu konsepsiýa adamyň, oba hojalyk mallarynyň saglygynyň, daşky gurşawyň ýagdaýynyň arasyndaky aýrylmaz arabaglanyşygy ykrar edýär. Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegine durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen sebit başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilelikdäki taslamalar gurakçylyga garşy durnukly oba hojalyk ekinlerini ornaşdyrmak ulgamynda öňdebaryjy tejribäni we innowasion usullary alyşmaga goşant goşýar. Bu bolsa, öz gezeginde, azyk howpsuzlygynyň görkezijilerine gönüden-göni täsir edýär. Maslahatyň dowamynda oba hojalygyny howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmak boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmekde halkara hyzmatdaşlygyň we bu işe BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümlerini işjeň çekmegiň ähmiýeti nygtaldy. Mowzuklaýyn mejlislerde howanyň üýtgemeginiň iýmitleniş standartlarynyň özgerdilmegini we azyk önümleriniň hiline gözegçiligi güýçlendirmegi talap edýändigine üns çekildi. Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şu günki işlenip taýýarlanylan maslahatlaryň hem-de strategiýalaryň howanyň üýtgemeginiň täsirlerine garşy göreşmek boýunça halkara tagallalara möhüm goşant boljakdygyny nygtap, döwletleriň, ylmy jemgyýetçiligiň, halkara guramalaryň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň häzirki döwrüň bu derwaýys meselesini netijeli çözmäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdiler.