22-nji ýanwarda Aşgabatda geçirilen “Howanyň üýtgemegi şertlerinde saglyk we iýmitleniş” atly halkara maslahatyň netijeleri boýunça birnäçe ylalaşyklara gol çekildi. Hususan-da, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasynyň (FAO) arasynda “Merkezi Aziýada howanyň üýtgemeginden ýiti täsirlenýän ekoulgamlarda ýer serişdelerini dikeltmek üçin utgaşykly çemeleşme”, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasynyň (FAO) arasynda “Amyderýa, Zarafşan we Panj derýalarynda suw serişdeleriniň toplumlaýyn dolandyrylyşyny berkitmek”, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasynyň (FAO) arasynda “Howanyň üýtgemeginiň täsirine durnuklylygy ýokarlandyrmak üçin Türkmenistanyň oba hojalygynda tebigat nukdaýnazaryndan oňaýly özgertmeleri çaltlandyrmak” “Pariž ylalaşygyna laýyklykda aýdyňlygyň giňeldilen çäklerini berjaý etmek boýunça Türkmenistanyň mümkinçiliklerini berkitmek” atly taslama resminamalaryna gol çekildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir