22-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Dmitriý Marýasin bilen duşuşyk geçirdi. Myhman şu ýylyň 20 – 23-nji ýanwary aralygynda geçirilýän ýokary derejedäki SPECA hepdeliginiň çärelerine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň UNECE bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri, şol sanda durnukly ösüş, energetika, ulag-üstaşyr özara baglanyşyklylygy we sebit integrasiýasy babatda hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy UNECE-niň mandatyna ygrarlydygyny tassyklap, Komissiýanyň BMG-niň ählumumy çözgütlerini sebit derejesinde durmuşa geçirmek üçin netijeli meýdança hökmünde möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2025-nji ýylyň aprel aýynda geçirilen UNECE-niň 71-nji sessiýasyna ýokary derejede gatnaşmagynyň ähmiýeti nygtaldy. Duşuşykda durnukly energetika, metan zyňyndylaryny azaltmak, şeýle hem durnukly we howpsuz ulag geçelgelerini ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) jemleriniň, hem-de 2024–2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň amaly taýdan durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti bellenildi. Bu ugurda UNECE esasy sebit hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde garalýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir