Sahara çölüniň Alžiriň Aýn-Sefra şäheriniň golaýyndaky demirgazyk bölegine gar ýagdy. Bu dünýäniň iň yssy we iň gurak sebitleriniň biri üçin seýrek duş gelýän tebigy hadysadyr. Gar bu ýere 17-nji ýanwarda ýagyp başlady. Ak gar gatlagynyň gum depelerini örtmegi garyň we çöl peýzažynyň altynsow çäge bilen adatdan daşary utgaşmasyny döretdi. Meteorologlaryň pikiriçe, garyň ýagmagyna Ýewropadan we Ortaýer deňzi sebitinden gelen güýçli sowuk howa massalary sebäp bolup biler. Bu ýagdaý Sahara çölüniň demirgazyk böleginde howanyň temperaturasynyň birden peselmegine, Selsiý boýunça nol gradus we hatda ondan-da aşak düşmegine esas boldy. Aýn-Sefra Alžiriň demirgazyk böleginde, Atlas daglarynyň eteginde ýerleşýär. Geografik ýerleşişi sebäpli bu ýer wagtal-wagtal gysga wagtlyk sowuk howalara sezewar bolýar. Ýöne şeýle bolsa-da, gar ol ýerde seýrek duş gelýän myhman bolmagynda galýar.