Jeff Bezosyň Blue Origin kompaniýasy orbitada 5408 hemradan ybarat TeraWave aragatnaşyk toruny işe girizmegi meýilleşdirýär diýip, CNBC habar berýär. Taslama maglumat merkezlerine, döwlet edaralaryna we korporatiw ulanyjylara hyzmat etmäge gönükdirilendir. Kompaniýanyň habaryna görä, hemralar toplumy Ýeriň pes we orta orbitasynda ýerleşdiriler. Maglumat geçirijilik tizliginiň sekuntda 6 terabite çenli bolmagyna garaşylýar. Programmanyň durmuşa geçirilip başlanmagy we ilkinji enjamlaryň orbita çykarylmagy 2027-nji ýylyň dördünji çärýegine meýilleşdirilýär. Täze ulgam gönüden-göni SpaceX-iň Starlink ulgamy bilen bäsleşer. Neşiriň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Ilon Maskyň ulgamynda 9000-den gowrak hemra bolup, olar 9 mln abonenti aragatnaşyk bilen üpjün edýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir