2012-nji ýylda surata düşürilen «Ar alyjylar» filminde Toni Starkyň/Demir adam-yň sürýän goýy gyzyl reňkli Acura NSX rodsteri ýakyn wagtda auksiona çykarylar. Ýatladyp geçsek, filmde gahrymanyň roluny Robert Dauni-kiçi ýerine ýetiripdi. Acura-nyň wekilleri bu özboluşly awtoulagyň ABŞ-nyň Ýuta ştatyndaky Sandens kinofestiwalyna getiriljekdigini yglan etdiler. Ol Grand Hyatt Deer Valley myhmanhanasynda geçirilýän her ýylky haýyr-sahawat çäresinde görkeziler. Söwdalar Cars & Bids platformasynda geçiriler we gazanylan serişdeler haýyr-sahawat işlerine gönükdiriler. Rodster NSX-iň ikinji nesliniň häzirki modeline meňzese-de, aslynda ol sagatda 400 000 km-den gowrak ýol geçen, NSX-iň 1991-nji ýyldaky birinji nesline degişlidir. Sport awtoulagy aýna plastikden we rezinden ýasalan düýbünden täze kuzowy, asyl 18 dýuýmlyk tekerleri we täze oturgyçlary bilen tapawutlanýar. Ulagda henizem filmdäki Stark 33 ýazgyly belgi dur, bu bolsa Marvel kino äleminiň janköýerlerine ony derrew tanamaga mümkinçilik berýär.