Halkara ylmy işgärler topary öňki Gün gözegçiliklerini seljermek arkaly geljekki Gün işjeňligini has takyk çaklamaga kömek etjek usul işläp düzdüler. Netijeler The Astrophysical Journal žurnalynda çap edildi. Bu barlagyň maksady Günüň polýar magnit meýdanynyň soňky 100 ýylda nähili hereket edýändigini dikeltmekdi. Ol Gün tegmilleriniň, magnit tupanlarynyň we uçgunlaryň sanyny kesgitleýän 11 ýyllyk Gün sikllerine täsir edýär. Polýar magnit meýdanynyň ölçegleri diňe 1970-nji ýyllardan bäri geçirilýär. Alymlar ondan has öňki döwürler üçin 1904-nji ýyldan bäri Günüň şekillerini öwrenip gelýän Hindistandaky Kodaikanal Solar obserwatoriýasynyň arhiwinden peýdalandylar. Köne seljermeler häzirki zaman maglumatlary bilen deňeşdirildi. Barlagyň awtorlarynyň biriniň belleýşi ýaly, Günüň hromosferasy onuň magnit meýdanynyň ýagdaýynyň ygtybarly görkezijisi bolup hyzmat edýär. Şunlukda, Ýeriň orbitasynyň egilmegi zerarly Günüň polýuslarynyň ýylda diňe birnäçe gezek görünýändigi üçin, bu möhümdir. Täze usul Gün işjeňligini birnäçe ýyl öňünden çaklamaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa, öz gezeginde, Gün işjeňligini onlarça ýyl öňünden düşünmegi talap edýän kosmos uçuşlarynyň meýilnamalaşdyrylyşyny gowulandyrýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir