Portugaliýada dünýäde ilkinji 1 megawatt kuwwatly kenarýaka tolkun elektrik stansiýasynyň gurluşygyna badalga berilýär. Taslama ýurduň demirgazyk kenarynda ýerleşer. Desganyň gurluşygy amatly tolkun şertleriniň bardygy tassyklanandan we meýdançanyň taslamasy jikme-jik işlenip düzülenden soň başlandy, - diýip, Interesting Engineering habar berýär. Şwesiýanyň Eco Wave Power Global AB kompaniýasy Porto şäherindäki Barra-du Doru tolkun saklaýjysynda gurnamak üçin tolkun şertleriniň we agram bahalandyrmasynyň tamamlanandygyny yglan etdi. Bu desga esasy taslama hasaplanýar we kenarýaka infrastrukturasyna kenardaky tolkun energiýasyny integrasiýa etmegiň mümkinçiligini görkezmegine garaşylýar. Taslama eýýäm birnäçe möhüm tapgyrdan geçdi: çykdajylaryň 50%-ini öz içine alýan elektrik ulgamyna birikdirmek üçin ilkinji tranş tölendi. Ähli gutarnykly rugsatnamalar alyndygy, şu ýyl stansiýa elektrik ulgamyna birikdiriler. Elektrik stansiýasy tolkun energiýasyny bar bolan deňiz infrastrukturasyna öwürýän enjamly «Galereýa» diýlip atlandyrylýan gomkeseriň bir böleginde gurnalar. Bu bolsa daşky gurşawa täsiri peseldýär, tehniki hyzmaty ýeňilleşdirýär we çykdajylary azaldýar. Eco Wave Power eýýäm Ysraýylyň ilkinji tolkun elektrik stansiýasyny dolandyrýar, ondan başga-da Shell Marine Renewable Energy bilen hyzmatdaşlykda Los-Anželes portunda synag taslamasyny durmuşa geçirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir