21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Eduards Stipraýs bilen duşuşdy. Bu barada milli Parlamentiň metbugat gullugy habar berýär. Duşuşykda myhman Türkmenistanyň alyp barýan içeri hem-de parahatsöýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary we milli Parlamentiň alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy. Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda soňky ýyllarda gazanylan ylalaşyklaryň, kanun çykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmagyň, şeýle hem ýurdumyzyň Ýewropa döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklarynyň döwrebap binýadyny kemala getirmäge ýardam edýän parlament duşuşyklarynyň hem-de bilelikde geçirilýän okuw maslahatlarynyň ähmiýetini bellediler. Duşuşygyň barşynda Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda parlamentara hyzmatdaşlygyň çäginde geçirilýän çäreleriň ähmiýetine aýratyn üns berlip, olaryň hatarynda «Ýewropa Bileleşigi – Тürkmenistan» parlamentara dialogynyň geçirilmeginiň özara tejribe alyşmaga hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýändigi nygtaldy. Duşuşygyň ahyrynda taraplar geljekde birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir