21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Çad Respublikasynyň ýurdumyzda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mahamud Adam Beşirden Ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada Mejlisiň saýtynda habar berilýär. Milli Parlamentiň ýolbaşçysy ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa Türkmenistan bilen Çad Respublikasynyň arasyndaky ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem diplomat Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň işi bilen tanyşdyryldy. Taraplar iki ýurduň arasynda ýola goýlan syýasy-diplomatik gatnaşyklary döwrebap şertlerde ösdürmegiň, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we parlament ugurlarynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň iki tarap üçin hem bähbitli boljakdygyny kanagatlanma bilen bellediler. Duşuşygyň ahyrynda Çad Respublikasynyň ilçisi döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygy barada ynandyrdy. Şol gün ilçisi Mahamud Adam Beşir şeýle hem Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ilçi diplomatik işini Moskwa şäherinde oturýan ýerinden alyp barar.