«GDA-nyň iň oňat ýaş metrology» diýen at ugrundaky ilkinji halkara bäsleşigine gatnaşmak üçin arzalary kabul etmek işi başlandy. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň saýtynda habar berilýär. Bäsleşigiň guramaçysy hökmünde GDA ýurtlarynyň Standartlaşdyrmak, metrologiýa we sertifikatlaşdyrmak boýunça Döwletara geňeşiniň Standartlar býurosy çykyş edýär. Bäsleşige 35 ýaşdan uly bolmadyk, GDA agza ýurtlarynda ylmy ýa-da amaly metrologiýa ulgamynda işleýän hünärmenler gatnaşyp bilýär. Gatnaşyjynyň ylmy derejesi, ady we eýeleýän wezipesi bäsleşige gatnaşmak üçin çäklendirme bolup durmaýar. Bäsleşik üç tapgyrda geçiriler. Birinji tapgyrda gatnaşyjylar arzalaryny we ylmy işiniň tekstini taýýarlap, 2026-njy ýylyň 4-nji apreline çenli ymetr@rst.gov.ru elektron poçtasyna ibermeli. Ikinji tapgyrda ylmy komitet tarapyndan taýýarlanylan amaly ýumuşlary ýerine ýetirmeli. Üçünji tapgyrda Gatnaşyjylaryň dilden çykyşlary, ylmy işler köpçülikleýin ara alnyp maslahatlaşylar we ýeňijiler kesgitleniler. Bäsleşige diňe diňe göni (oçno) formatda gatnaşmak mümkindir. Bäsleşik dört ugur boýunça geçiriler: ylmy metrologiýa, amaly metrologiýa, metrologiýany sanlylaşdyrmak we ylmy komitet tarapyndan soňky tapgyrda kesgitleniljek ýörite ugur. Ýeňijilere diplomlar, şahadatnamalar we döşe dakylýan nyşanlary gowşurylar. Beýleki gatnaşyjylara bolsa bäsleşige gatnaşandygy barada şahadatnamalar berler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir