Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi Aşgabat–Türkmenbaşy demir ýol geçelgesini döwrebaplaşdyrmagyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny (TYE) işläp düzmek üçin halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde çap edilen resmi bildirişde aýdylýar. Yglan edilen tendere TDYUM-001 belgisi berildi. Oňa gatnaşmaga şuňa meňzeş taslamalary durmuşa geçirmekde tejribesi bolan ýöriteleşdirilen kompaniýalar çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak isleýänler aşakdaky maglumatlary we resminamalary hödürlemeli: Kompaniýanyň doly ady, guramaçylyk-hukuk görnüşi, ýuridik salgysy we rekwizitleri baradaky arza; Hasaba alnyş we esaslandyryş resminamalarynyň göçürmeleri; Ynanç haty we wekiliň pasportynyň göçürmesi. Arzalar şu salgy boýunça kabul edilýär: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 162, 910-njy otag (9-njy gat). Bäsleşik resminamalarynyň bahasy we töleg hasaby baradaky maglumatlar ýazmaça arza berlende habar berler. Bäsleşik tekliplerine diňe serişdeler ministrligiň hasabyna gelip gowşandan soň serediler. Offşor zolagynda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalaryň resminamalary kabul edilmeýär. Tehniki we täjirçilik teklipleri aýry-aýrylykda tabşyrylmalydyr. Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda kabul edilýär. Resminamalar her gün sagat 9:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär. Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 12) 39-06-27, 39-06-28. Elektron poçta: int@railway.gov.tm.