NASA Mars to Table Challenge («Marsdan saçaga») bäsleşigini yglan etdi. Ol Aýa we Marsa uzak möhletleýin ekipažly missiýalar üçin azyk ulgamlaryny işläp taýýarlamaga bagyşlanýar. Gatnaşyjylara azyk meýilnamasyny we azyk ulgamlarynyň konsepsiýasyny döretmek, ýagny adamlaryň näme iýjekdigi we bu iýmitiň nädip öndüriljekdigi, saklanjakdygy we gaýtadan işlenjekdigi, şeýle-de Ýerden doly ýa-da bölekleýin üpjünçilik bolmazdan bu zatlaryň nädip işlejekdigi barada oýlanmak teklip edilýär. Bäsleşik 2026-njy ýylyň sentýabrynda tamamlanar, umumy baýrak gaznasy 750 000 dollara barabar. Agentlik geljekki missiýalar üçin iýmitiň adaty ýükden doly derejeli infrastruktura öwrülmelidigini belleýär. Şeýle ulgamlar adatdan daşary şertlerde ygtybarly işläp, Ýeriň serişdelerine garaşlylygy azaltmaly we ekipažyň saglygyny, işe ukyplylygyny we ahlak ruhuny goldamaly. Toparlar, takmynan, ýedi aý – 2026-njy ýylyň sentýabryna çenli möhlet bilen Marsyň üstünde ýaşaýyş bazasy üçin iýmitlenmegiň toplumlaýyn ulgamyny işläp taýýarlamaly. Şertlere görä, Ýerden getirilýän önümleriň paýy umumy möçberiň 50%-inden geçmeli däl, çözgütleriň özi ýaşaýyş üpjünçiligi we resurslary gaýtadan ulanmak ulgamlary bilen baglanyşykly bolmaly. Mars üçin döredilen çözgütler Ýerde, mysal üçin, gorag we ekspedisiýa amallarynda, adatdan daşary şertlerde, şeýle-de uzakdaky we şäher ýerlerinde azyk durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin hem ulanylyp bilner. ABŞ-dan toparlar üçin NASA-nyň baýrak gaznasy: 1-nji orun – 300 000 dollara çenli 2-nji orun – 200 000 dollara çenli 3-nji orun – 100 000 dollara çenli Şeýle-de, 50 000 dollardan üç höweslendiriji baýrak göz öňünde tutuldy. Bäsleşige halkara toparlar hem gatnaşyp biler, ýöne olara pul baýragy berilmez. Bäsleşik üçin taslamalar şulary öz içine almaly: Azyk ulgamynyň gysgaça ýazuw beýany, onuň maksady we artykmaçlyklary; Iýmitiň kabul edilişini, paý möçberlerini, iýmitlik gymmatlyklaryny we goşundy çeşmelerini görkezmek bilen iýmitlenmegiň iki hepdelik meýilnamasy; Azyk ulgamynyň we onuň başdan ahyryna çenli iş ýörelgeleriniň beýany; Marsyň ýaşaýyş gurşawynda azyk ulgamynyň nähili ornaşdyrylandygynyň wizual shemasy; Konsepsiýany we onuň işleýşini görkezýän 10 minuta çenli wideo; BioSim modelirleme platformasy bilen gabat gelýän Python-da ulgamyň funksional modeli.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir