21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow Tokioda Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaý bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Duşuşygyň barşynda 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlyk meýilnamalary, şol sanda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da berkitmek üçin Türkmenistanda bilelikdäki ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýapon tarapy 2025-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Tokio şäherinde geçirilen ilkinji «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň Sammitinde Türkmenistanyň Prezidentiniň beýan eden ykdysady taslamalary boýunça, şol sanda sirkulýar ykdysadyýet taslamasy boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny tassyklady. Duşuşykda şeýle hem Arkadag şäherindäki lukmançylyk klasterini mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi nygtaldy, bu işe «Sumitomo Heavy Industries, Ltd.» ýapon kompaniýasy işjeň gatnaşýar. Duşuşygyň ahyrynda taraplar 2026-njy ýylda Tokio şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň bilelikdäki 16-njy mejlisini geçirmek üçin degişli senäni bellemek barada ylalaşdylar.