21-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistanyň DIM-niň Günbatar işleri boýunça Sekretary Sibi Jorj bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky dialogy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşygy guramagyň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigi aýratyn nygtaldy. Taraplar Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hindi toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglylykda bu ugurda hyzmatdaşlyk mehanizmlerini giňeltmek boýunça pikir alyşdylar. Diplomatlar bilim we medeniýet babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijelidigini nygtadylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir