20-23-nji ýanwar aralygynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeligi geçirilýär. Bu çäreler Türkmenistanyň 2025-nji ýylda maksatnama başlyklyk etmeginiň çäklerinde guralýar diýip, «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti belleýär. SPECA hepdeligi ýokary derejeli halkara duşuşyklary, şol sanda ykdysady forumy we SPECA-nyň Ýolbaşçy geňeşiniň 20-nji sessiýasyny özünde jemleýär. SPECA 1998-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek we olary dünýä ykdysadyýetine utgaşdyrmak maksady bilen döredildi. Oňa Azerbaýjan, Owganystan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan gatnaşýar. Işleri utgaşdyrmagy BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy hem-de Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasy amala aşyrýar. Türkmenistan başlyklyk edýän döwründe sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmegi we aşakdaky ugurlary esasy wezipeler hökmünde kesgitledi: Bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek; Söwda we ulag gatnaşyklaryny berkitmek; Energetika hyzmatdaşlygy we sanlylaşdyrmak; Ekologiýa meseleleri we dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak; Ulag geçelgelerini ösdürmek we energetika howpsuzlygyny üpjün etmek. Hepdeligiň dowamynda ykdysadyýet, energetika, suw serişdelerini dolandyrmak, daşky gurşawy goramak hem-de sebitiň ulag we sanly ulgamdaky arabaglanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Türkmenistan SPECA-da 2010–2011-nji ýyllarda üstünlikli başlyklyk etdi we 2012-nji ýylda bu wezipä gaýtadan saýlandy. Şeýle hem, gezekli-gezegine başlyklyk etmek düzgünine laýyklykda, ýurdumyz 2019-njy ýylda hem bu wezipäni ýerine ýetirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir