19-njy ýanwarda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Kataryň Doha Ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň rektory Salem Al Nuaimi bilen dusuşyk geçirdi. Duşuşygyň başynda ilçi Türkmenistanda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylandygy hakynda aýdyp, ýurt Garaşsyzlygynyň 35-ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly çäreler barada tanyşdyrdy. Mundan başga-da, Türkmenistanda bilim ulgamynyň ösüşiniň halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi bilen berk baglanyşyklydygyny hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri we ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürip, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny, akademiki alyş-çalyşlary hem-de mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça taslamalaryň amala aşyrylýandygyny belledi. Täsirli geçen duşuşykda ýakyn wagtda Doha Ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň wekilleriniň Türkmenistana meýilleşdirilýän saparynyň çäklerinde garaljak ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada hem maslahatlaşyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir