Hytaýyň birbada sekiz uniwersiteti her ýyl Niderlandlarda Leýden uniwersiteti tarapyndan düzülýän dünýäniň on sany iň gowy ýokary okuw mekdebiniň sanawyna girdi. Täze reýtingde birinji orny Hançžoudaky Çžeszýan uniwersiteti eýeledi. Ikinji orunda Szýaotun Şanhaý uniwersiteti ýerleşdi. Üçünji orny Garward uniwersiteti (ABŞ) eýeledi. Dördünji orundan dokuzynja çenli orunlary hem hytaý uniwersitetleri eýeledi: Syçuan uniwersiteti, Çanşadaky Günorta Hytaýyň merkezi uniwersiteti, Huaçžun ylym we tehnologiýa uniwersiteti, Guançžouda Sun Ýatsen adyndaky Çžunşan uniwersiteti, Siandaky Döwlet uniwersiteti we Sinhua uniwersiteti. Onlugy Toronto uniwersiteti (Kanada) jemledi. Garward ilkinji onlukda ýeke-täk amerikan uniwersiteti boldy. Reýtingiň ikinji onlugynda-da Hytaýyň uniwersitetleri agdyklyk edýär. Bellenilişi ýaly, Garward ornuny ýitirmegini dowam etdirýär: 2024-nji ýylda ol ikinji orny eýeläpdi, bir ýyl ozal bolsa sanawyň başynda ýerleşýärdi. Reýtingiň resmi saýtynda görkezilişi ýaly, ol ylmy makalalaryň sanyny hasaplamagyň esasynda düzülýär. Bilim pudagynyň hünärmenleri «Hytaýdan gelýän ylmy işleriň sanynyň we hiliniň haýran galdyrýandygyny» belläp, şol bir wagtyň özünde amerikan biliminiň görkezijileriniň pese gaçýandygyna ünsi çekýär. Bu ýagdaýy ABŞ-nyň Prezident wezipesine Donald Tramp gaýdyp gelenden soň başlanan döwlet maliýeleşdirmesi bilen baglanyşykly meseleler we migrasiýa syýasatynyň ýitileşmegi hem kynlaşdyrýar.